Geçen hepdäniň birža täzelikleri
14:49 15.12.2020 3387
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 126-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Panamadan, Maltadan, Özbegistandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, garnuwly parafini, uçar we yşyklandyryş kerosinini, dizel ýangyjyny, polipropileni, Russiýanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri polietileni we suwuklandyrylan gazy (“Türkmengaz” döwlet konseri) satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna reňksiz list aýna, tekiz boýalan we tüýjümek önümler, nah matalar hem ýüplük, buýan köki ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Hytaý, BAE, Türkiýe, Gruziýa, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 48 million 273 müň dollaryndan gowrak boldy.
Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Şotlandiýadan, Pakistandan, Gazagystandan gelen işewürler bahasy 16 million 799 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 21 million manatlykdan gowrak polipropilen we el halylaryny satyn aldylar.
Nebit gymmatlaýar, «Brent» 76,42 dollara ýetdi
COVID-19-yň «omikron» ştammynyň ýaýramagynyň, ilkibaşda garaşylyşy ýaly, dünýä ykdysadyýetine o diýen agyr zyýan ýetirmejekdigi baradaky maglumatlardan soň, nebitiň bahalary penşenbe güni ýene-de ýokarlanyp başlady diýip, Interfaks habar berýär.
Türkmen paýtagtynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» Halkara sergisi açyldy
Şu gün irden Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2022» atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady.
Fitch ýakyn ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
Fitch Ratings halkara reýting agentligi ýakyn wagt üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy. Muňa Global Economic Outlook-yň (GEO) dekabrdaky hasabaty şaýatlyk edýär diýip, Interfaks habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Başlygy bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmak üçin Gazagystana iş saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
“Galkynyş” käninde nobatdaky gaz guýusy ulanyşa girizildi
"Türkmengaz" döwlet konserni "Galkynyş" ägirt uly gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýar. Käniň häzirki ulanyş tapgyrynyň çäklerinde "Marygazçykaryş" müdirliginiň buýrugy esasynda "Türkmengazburawlaýyş" müdirligi tarapyndan 4000 metrden gowrak çuňlukda ýerleşýän №264 guýusy burawlandy.