Türkmenistan Eýrana iberilýän tebigy gazynyň möçberini ýylda 40 milliard kub metre çenli artdyrmak isleýär

05:23 30.08.2024 5551

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/11758/original-166d040377dd2c.webp

Türkmenistan Eýrana iberilýän tebigy gazynyň möçberini artdyrmagy göz öňünde tutýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýrana iş saparynyň çäklerinde Prezident Masud Pezeşkian bilen geçiren gepleşiklerinde belledi diýip, TDH habar berýär.

Gepleşikleriň barşynda gaz pudagy ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady we türkmen tarapynyň Eýrana iberilýän gazyň möçberini her ýylda 40 milliard kub metre çenli artdyrmagy göz öňünde tutýandygyny belledi.

Bu maksada ýetmek üçin bar bolan gaz geçiriji infrastrukturany täzelemek, täze desgalary gurmak we munuň üçin maýa goýmak zerur bolup durýar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň çäginde iki sany täze gaz gysyjy desgany we 125 kilometrlik täze gaz geçirijini gurmagyň meýilleşdirilýändigi aýdyldy. Munuň özi Eýrana iberilýän türkmen tebigy gazynyň goşmaça möçberini «Çaloýuk» gaz ölçeýji desgasyna çenli akdyrmaga mümkinçilik berer.

Bu baradaky gürrüňiň dowamynda ýakyn geljekde “swap” usuly arkaly türkmen tebigy gazyny Yrak Respublikasyna we soňra Türkiýä ibermegiň göz öňünde tutulýandygy aýdyldy.

Başga makalalar
16232e4d7870f4.jpeg
Suwuklandyrylan gazyň eksportynyň çägi giňeýär

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Lebap welaýatynda suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça müdirliginiň işi suwuklandyrylan gazyp önümçilik möçberlerini giňeltmeklige we ony eksport edijileriň sanawyny artdyrmaklyga gönükdirilendir. Häzirki zaman desgalarda öndürilen bu gymmatly önüm üçin täze eksport ugurlary kesgitlenildi.


16234186000918.jpeg
Daşary ýurt döwletleriniň Liderleri Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýar

Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň Liderleri hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýarlar.


16232e0501da57.jpeg
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Hytaý bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürmäge taýýar

Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde Hytaý bilen köpugurly gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmäge taýýarlygynyny ynandyrdy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


167077fd9e2c6c.jpg
Türkmenistanyň we Gazagystanyň DIM-niň wekilleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Dim-nde geçirilen Türkmenistanyň we Gazagystanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmelerde ýangyç-energetika, ulag-logistika we senagat ýaly ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerine hem garalyp geçildi.


1688759054696d.jpg
Nebitgaz toplumynda ýylyň ýedi aýynyň jemlerine garaldy

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 28-nji iýulynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryndan biri bolan nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.