Türkmenistanyň we Gazagystanyň DIM-niň wekilleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
07:55 11.10.2024 5865
9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Dim-nde geçirilen Türkmenistanyň we Gazagystanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmelerde ýangyç-energetika, ulag-logistika we senagat ýaly ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerine hem garalyp geçildi.
Türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow, Gazagystan tarapyna bolsa, Gazagystanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ý.Konuspaýew ýolbaşçylyk etdi.
Şeýle hem taraplar bilelikdäki iş üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan söwda-ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljegine garadylar. Çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen anyk taslamalaryň durmuşa geçirilýän Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň işiniň ähmiýeti bellenildi. Hususan-da, 8-nji oktýabrda geçirilen Türkmen-Gazak işewür geňeşiniň mejlisiniň netijeli häsiýeti bellenildi.
Taraplar dürli ugurlarda ikitaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek baradaky meýillerini tassykladylar.
Iki ýurduň «Merkezi Aziýa+» formatlardaky, şeýle hem halkara we sebitara düzümleriň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, gazak tarapyna Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen başlangyçlaryň goldanylýandygy we BMG-niň çäklerinde kabul edilen kararnamalaryň awtordaşy hökmünde çykyş edendigi üçin minnetdarlyk bildirildi.
Türkmenistan we Halkara sergiler býurosy hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar
Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýär we halkara sergi işinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Hytaý bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürmäge taýýar
Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde Hytaý bilen köpugurly gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmäge taýýarlygynyny ynandyrdy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Suwuklandyrylan gazyň eksportynyň çägi giňeýär
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Lebap welaýatynda suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça müdirliginiň işi suwuklandyrylan gazyp önümçilik möçberlerini giňeltmeklige we ony eksport edijileriň sanawyny artdyrmaklyga gönükdirilendir. Häzirki zaman desgalarda öndürilen bu gymmatly önüm üçin täze eksport ugurlary kesgitlenildi.
Daşary ýurt döwletleriniň Liderleri Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýar
Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň Liderleri hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýarlar.
Serdar Berdimuhamedow: halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam eder
Türkmenistanda halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam etdiriler. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda belledi.