«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň baýry kärhanalarynyň biri bolan Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň işjeň agzalary «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygaryna beslenen ýylyň ilkinji günlerinden başlap, demirgazyk welaýatyň giňişliklerinde ýerleriň melioratiw we ekologiýa ýagdaýyny öwrenmekde ýokary netijelere eýe bolýarlar.
Häzirki döwürde ekspedisiýanyň işçi-hünärmenleri, 2023-nji ýylyň iş meýilnamasyna laýyklykda, welaýatyň dürli ýerlerinde ýerasty suw ýataklarynyň barlaglaryny, geoekologik surat alma işlerini, ýerasty suwlaryň düzgünini, mukdaryny öwrenmek maksadynda geologiýa gözleg işleriniň dürli görnüşdäki önümçiligini, mehaniki sütünleýin burawlaýyş we guýularda geofiziki barlaglary, şeýle hem ýerasty, ýerüsti suwlaryň barlaghana maglumatlary esasynda resminamalary düzmek işlerini guramaçylykly dowam edýärler.