Täze meýdançalarda işler ýaýbaňlandyrylýar

Täze meýdançalarda işler ýaýbaňlandyrylýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Mary gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň gidrogeologlary häzirki wagtda Mary welaýatynyň çägindäki Tärimli, Zähmet, Garabil, Şyhmansur, Seýrap, Çeşme, Şatlyk, Mekan meýdançalarynda, Lebap welaýatynyň çägindäki Tümenli, Daşrabat, Mukry, Jynlygum meýdançalarynda buraw işlerini alyp barýarlar. Ýerine ýetirilýän işleriň netijesinde meýdançalarda ýerasty suwlaryň, şeýle hem mineral bejeriş suwlarynyň gözlegi, barlagy, goruny hasaplamak işleri hemmetaraplaýyn alnyp barylýar.

Elbetde, agzybirlikli, döredijilikli çekilýän zähmet ekspedisiýanyň hünärmenlerine, işçilerine «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny ähli önümçilik görkezijileri boýunça üstünlikli jemlemeklige mümkinçilik berdi. Bu ýerde sütünleýin buraw işleriniň meýilnamasy 132,2% göterim, geologiýa-gözleg işleriniň meýilnamasy 112,3% göterim ýerine ýetirildi.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl