Şu ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy önümçilik kärhanalarynyň işgärleriniň arasynda ýokary ruhubelentlik ýagdaýyny döretdi. Bu ýyly zähmet üstünliklerine beslemek, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşmak ugrundaky hereket giň gerim alýar. Şeýle kärhanalaryň hatarynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň başarjaň we zähmetsöýer işgärleri hem bar. Olar täze ýylyň ilkinji günlerinden yhlasly zähmet çekip, «mawy ýangyjyň» öndürilýän möçberlerini yzygiderli artdyrýarlar.
Müdirligiň merkezi önümçilik dispetçer gullugyndan bize şanly ýylyň tamamlanan ilkinji aýynda tebigy gazyň 1 milliard 19,3 million kub metre golaýynyň gazylyp alnandygyny, şonuň netijesinde degişli meýilnamanyň 104 göterim berjaý edilendigini habar berdiler. Özi-de şeýle oňyn netijäniň geçen aýda howanyň aşa sowan günlerinde gazanylandygy bellärliklidir. Aňzakly günlerde «mawy ýangyjyň» sarp edilişi-de düýpli artdy. Şeýle şertlerde baýlyk çykaryjylar has gaýratly zähmet çekip, sarp edijileriň zerur ýangyç bilen ýeterlik möçberlerde üpjün edilmegini gazandylar. Bu üstünlige müdirligiň Kükürtli liniýa önümçilik böleginiň işgärleriniň zähmet paýy has saldamly boldy.