Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sebitlerinde täze gaz ýataklaryny açyp, olary senagat taýdan özleşdirip, tebigy gazyň çykarylyşyny düýpli artdyrmak barada möhüm tabşyryklary berýär. Döwlet Baştutanymyzyň beren gaýragoýulmasyz tabşyryklaryny we görkezmelerini ýerine ýetirmek boýunça «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan düzülen maksatnamalaýyn meýilnama laýyklykda, «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary Mary welaýatynyň çägindäki täze gazly ýataklaryň birbada üçüsinde guýulary burawlamak işlerini giňden ýaýbaňlandyrdylar.
Burawlamak işlerine ilkinji günlerden giň gerim beren geologlar Şerepli gaz ýatagynyň 01-nji belgili ulanyş-baha beriş guýusyndan tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymyny aldylar. Bu ulanyş-baha beriş guýusynyň taslama çuňlugy iki müň alty ýüz metre deňdir. «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary özlerine döwletimiz tarapyndan berilýän bimöçber kömek-goldawlar hem-de guýulary burawlamakda toplanylan baý iş tejribe arkaly iki müň üç ýüz otuz metr çuňlukdan tebigy gazyň batly akymyny almagyň hötdesinden geldiler. Munuň özi geologlaryň alty aýyň dowamynda egin-egne berip çeken päk zähmetiniň miwesidir.