Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.

Resminama milli ykdysadyýetiň esasy pudagynyň mundan beýläk-de durnukly ösüşini üpjün etmäge, gaz çykarýan we gaýtadan işleýän kärhanalaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga niýetlenendir.

Bu resminama gol çekilmegi önümçilik kuwwatlyklaryny giň gerimde döwrebaplaşdyrmagy, tebigy gazy gözlemek, çykarmak we daşamak ugurlarynda innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy enjamlary ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar.

Bellenilen çäreleriň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň energetika pudagynyň kuwwatyny artdyrmak bilen çäklenmän, ekologiýa taýdan arassa ýangyjyň içerki bazara hem-de halkara eksport ugurlary boýunça üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny pugtalandyrmaga mümkinçilik berer.

Konsern kärhanalarynyň ulgamlaýyn tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagy ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini netijeli özleşdirmekde, tehnologik prosesleri optimallaşdyrmakda we Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýokary ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm ädim bolar diýip, THP habar berýär.

Nebitgaz №42
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№42

2026-njy ýylyň Oktýabr aýynyň 20-y

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993