Halkymyzy ýokary hilli nebit we nebit önümleri bilen üpjün etmekde döwrümiziň ruhuna mahsus işleri alyp barýan «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Gubadag nebit kärhanasynyň agzybir işgärleri şu ýylyň alty aýyny üstünlikli jemlediler.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryna beslenen şu ýylda kärhananyň agzybir zähmet köpçüliginiň aýba-aý iş tabşyryklaryny birkemsiz amal etmeginde onuň garamagyndaky awtoulaglara ýangyç guýujy 170-nji bekediň işgärleriniň hem mynasyp paýynyň bardygyny bellemek bolar. Geçen ýylyň güýzünde durky düýpgöter täzelenip, ulanyşa berlende taslama kuwwaty bir gije-gündiziň dowamynda 1500 sany dürli görnüşli awtoulaga hyzmat etmäge mümkinçiligi bolan, dünýäniň ösen döwletleriniň ýangyç guýujy kompýuterleşdirilen enjamlary bilen doly üpjün edilen beketde häzirki döwürde müşderilere döwrebap hyzmat etmek üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir.