Döwletli Diýarymyzyň gündogar sebitinde şu ýylyň alty aýynda 12,7 müň tonna nebit ýol bitumy öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçilikde 2,4 göterim ösüş gazanyldy. Geçen ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda bu görkeziji 12,4 müň tonna deň bolupdy. Şeýlelikde, hasabat döwründe bitum önümçiliginiň möçberi 300 tonna artdy. Bu ösüş «Türkmennebit» döwlet konserniniň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda önümçiligiň durnukly alnyp barylýandygyny görkezýär.
Dänew etrabynyň Seýdi şäherinde ýerleşýän bu iri senagat kärhanasy ýurdumyzyň gündogar sebitindäki nebiti gaýtadan işleýän önümçiligiň esasy merkezleriniň biridir. Zawod Amyderýanyň çep kenarynda, Türkmenabat şäherinden 80 kilometr töweregi günbatar-demirgazykda ýerleşýär. Kärhanada esasy üç tehnologik desga, ýagny ýylda 6 million tonna nebiti ilkinji gaýtadan işlemäge niýetlenen ELOU-AWT-6 desgasy, ýylda 500 müň tonna göni kowlan benzini gaýtadan işleýän LÇ 35-11/500 katalitik riforming desgasy hem-de ýol bitumyny öndürýän ýörite desga hereket edýär.