Barha golaýlaşýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şöhratly senesini mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak höwesi şu günler welaýatyň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen bolelin üpjün etmek ugrunda öwgä mynasyp işleri alyp barýan «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň ýerlerdäki gaz hojalyk edaralarynyň işçi-hünärmenleriniň baş maksadyna öwrüldi. Bu ugurda müdirligiň «Gubadagetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylarynyň durmuşa geçirýän maksada okgunly işleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhuna mahsuslygy bilen tapawutlanýar.
Edaranyň degişli gulluklarynyň agzalary häzirki döwürde gymmatly “mawy ýangyjyň” tygşytly sarp edilişini gözegçilikde saklamak, etrabyň çäginde bar bolan dürli basyşly gaz geçirijilerini we gaz paýlaýjy hem-de sazlaýjy enjamlaryny düýpli abatlap, geçirijilik mümkinçiliklerini artdyrmak bilen bir hatarda, bitewi gaz ulgamyny güýz-gyş möwsümine taýýarlamak işlerini hem utgaşykly alyp barýarlar. Munuň özi etrabyň çäginde bar bolan dürli basyşly we dürli ululykdaky on dört müň bir ýüz elli kilometrden gowrak bitewi gaz ulgamynyň hem-de gaz sazlaýjy we paýlaýjy enjamlaryň bolsa dört ýüz elliden gowragynyň ýylyň islendik möwsüminde saz işlemegini şertlendirýär. Şu nukdaýnazardan, gaz hojalyk edarasynyň daşary gaz geçirijilere we gaz sazlaýjy enjamlara gözegçilik gullugynyň işçi-hünärmenleriniň şu günler etrap merkezi bolan Gubadag şäherinde we oba ýerlerinde durmuşa geçirýän derwaýys işleri netijesinde gaz geçirijileriň zerur bolan ýerleriniň durky täzelenýär, gaz sazlaýjy we paýlaýjy enjamlarda alnyp barylýan tehniki işleriň hasabyna olaryň geçirijilik kuwwaty artdyrylýar.