Hormatly Prezidentimiz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 10-njy iýulynda şu ýylyň geçen alty aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlap geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nebitgaz toplumyna degişli kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, geologiýa-gözleg işlerini geçirmek, täze uglewodorod ýataklaryny ýüze çykarmak işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek işlerini ilerletmegiň möhümdigini aýratyn belläp, bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Şondan ugur alyp, «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleriniň işçi-hünärmenleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramçylygynyň dabaraly belleniljek ýylyny belent sepgitlere beslemek maksady bilen has-da ruhubelent zähmet çekýärler.
Konsern boýunça şanly ýylymyzyň geçen ýarym ýylynda ýeriň jümmüşinden alnan «gara altynyň» möçberi 2 million 53 müň tonna golaýlady. «Nebitgazçykaryş» trestiniň müdirlikleri boýunça hasabat döwri üçin bellenilen meýilnama goşmaça 155 müň 800 tonna barabar nebit çykarylyp, tabşyryk 108,5 göterim amal edildi. Şeýle hem konserniň deňiz ýakasynda iş alyp barýan «Hazarnebit» döwlet kärhanasy boýunça meýilnamadan daşary çykarylan «gara altynyň» möçberi 1 müň