«Türkmengaz» döwlet konserniniň baýry zähmet köpçüliginiň biri bolan «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň gazçylarynyň gojaman Şabady etekläp oturan Daşoguz şäheriniň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen talabalaýyk üpjün etmekde durmuşa geçirýän işleri aýratyn buýsanç bilen bellenmäge mynasypdyr.
Edaranyň degişli işçi-hünärmenleri tarapyndan şu günler welaýat merkeziniň çäginde bar bolan dürli basyşly gaz geçirijileriň 790 kilometre golaý ýerine, gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlaryň bolsa 660-a golaýyna gije-gündiziň dowamynda ýokary derejede gözegçilik edilip, bitewi gaz ulgamynyň üznüksiz işlemegi gazanylýar. Şonuň 306 kilometrden gowrak ýeri dürli ululykdaky we dürli basyşly ýerasty gaz geçirijileri bolup, 481 kilometre golaýy bolsa dürli basyşly ýerüsti gaz ulgamlarydyr.