Burawlaýjylaryň göreldeli zähmeti

Burawlaýjylaryň göreldeli zähmeti

Hazynalar mesgeni bolan Türkmenistanyň tebigy baýlyklarynyň arasynda nebitdir gaz aýratyn orny eýeleýär. Şeýle bolansoň, milli ykdysadyýetimiziň özeni hökmünde nebitgaz senagatyny ösdürmeklige gönükdirilen işler yzygiderli amala aşyrylýar. Halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, bu pudagyň işgärleri hem öz öňlerinde goýlan wezipä abraý bilen hötde gelmek üçin öndürijilikli zähmet çekýärler.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümindäki esasy kärhanalaryň biri bolan «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Nebitdag buraw işleri müdirligi 1971-nji ýylda döredildi. Müdirligiň döredilenine şu ýylyň 1-nji iýunynda 55 ýyl doldy. Häzirki wagtda bu müdirlik tarapyndan Nebitdag, Goturdepe, Barsagelmez, Demirgazyk Goturdepe, Günbatar Goturdepe, Gündogar Çeleken, Mydar ýaly nebitgaz ýataklarynda Hytaý Halk Respublikasynyň önümi bolan «ZJ-70 DS», «ZJ-30T», «HJ-750», «HJ-450» kysymly kuwwatly 12 sany buraw desgasynyň kömegi arkaly ulanyş guýularynyň burawlama işleri alnyp barylýar.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl