«Mawy ýangyjyň» möçberi artýar

«Mawy ýangyjyň» möçberi artýar

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Körpeje» gaz çykaryş müdirligi soňky ýyllarda tehniki-ykdysady üpjünçilik babatda yzygiderli täzelenişi başdan geçirýär. Bu müdirlik konserniň düzümindäki nebiti, gazy we ugurdaş gazy, gaz kondensatyny çykarmak, gözleg-barlag we ulanyş guýularyny burawlamak, uglewodorod çig mallaryny turbageçirijiler arkaly akdyrmak, ýataklary, gaz gysyjy beketleri we sazlaýjy desgalary gurmak, abadanlaşdyrmak, guýularyň düýpli we ýerasty abatlaýyş işlerini amala aşyrmak, önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly desgalardyr ymaratlary gurmak bilen meşgullanýan köp sanly kärhanalarynyň arasynda hemişe öň hatarda bolmagy başarýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramçylygynyň dabaraly bellenilip geçiljek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen döwründe müdirligiň hünärmenleri tarapyndan hereket edýän guýulardan alnan «mawy ýangyjyň» möçberi 1 milliard 416 million 243 müň kub metre golaýlap, bu baradaky meýilnama 2,6 esse ýerine ýetirildi. Munuň özi göz öňünde tutulandan 1 milliard 357 million 112 müň kub metr köpdür. Kärhanada geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 102,3 göterim ösüş gazanyldy. Körpeje, Çekişler, Akpatlawuk ýataklarynda hereket edýän guýulardan «mawy ýangyjy» çykarmak, taýýarlamak we ony sarp edijilere ugratmak bilen meşgullanýan bu müdirlik indi 28 ýyl bäri «Türkmennebit» döwlet konserniniň düzüminde hereket edip gelýär.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl