Türkmen medeniýetiniň baýramy

Türkmen medeniýetiniň baýramy

Düýn Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylyşy boldy. Onda hormatly Prezidentimiziň Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen garşylanyldy. 2013-nji ýyldan bäri Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň uly baýram edilip bellenilýän günleriniň öň ýanynda Medeniýet hepdeliginiň her ýyl bir welaýatda geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Bu gezekki Medeniýet hepdeligi 22 — 27-nji iýun aralygynda geçirilip, onuň dowamynda bäş welaýatyň hem-de Aşgabat şäheriniň medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda täsirli çärelerdir konsertler guralar.«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine Balkan welaýatynyň belli bagşy-sazandalary, ýaş estrada aýdymçylary bilen birlikde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Aragatnaşyk müdirliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçileriň medeniýet köşgüniň «Dehistan» aýdym-tans we folklor etnografiýa topary hem gatnaşýar.

Ýurdumyzda medeniýet ulgamynda amala aşyrylýan döwletli tutumlardan ruhlanyp, döredijilikli işleýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Aragatnaşyk müdirliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçileriň medeniýet köşgüniň «Dehistan» aýdym-tans we folklor etnografiýa topary hem milli däp-dessurlarymyzyň, şol sanda küştdepdidir gazallarymyzyň asyl nusgasynyň saklanyp galmagy bilen birlikde, täze, döwrebap öwüşginlerde dünýä ýaýylmagyny gazanýarlar.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl