Ýakynda Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän Uzynada baýlyklar käninde gazdan nebit kondensatly garyndyny saýlaýjy we akdyryjy desga gurlup işe girizildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramçylygynyň dabaraly belleniljek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şatlykly wakalarynyň üstüni ýetiren bu täze desgany «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň buýurmasy esasynda «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Ýöritegurluşykgurnama» müdirliginiň gurluşykçylary bina etdiler.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» instituty tarapyndan taslamalaşdyrylan bu desga Uzynada käninden alynýan nebit we gaz kondensatly garyşyk önümi üç basgançakly separator enjamlarynyň üsti bilen gazy nebit kondensatly garyndydan, suwdan, beýleki mehaniki gyryndylardan saýlamaga mümkinçilik berýär. Desgada saýlanan «mawy ýangyç» täze çekilen, uzynlygy 32,3 kilometr bolan turba geçirijisiniň üsti bilen Barsagelmez känindäki gaz gysyjy desgasyna akdyrylýar. Saýlanan nebit kondensaty bolsa durnuklaşdyrylyp, çelege ýygnalmak bilen Gumdag nebit taýýarlaýyş we akdyryş bekedine akdyrylýar. Desga gije-gündizde 3 million kub metr tebigy gazy we 2 müň tonna nebit gatyşykly kondensaty saýlamaga mümkinçilik berýär.