Hünär kämilligini ele alýarlar

Hünär kämilligini ele alýarlar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň binasynda mundan iki ýyla golaý wagt ozal konserniň okuw merkeziniň Mary welaýaty boýunça okuw bölümçesi açyldy.

— Biz okuw merkeziniň ýakyndan goldaw bermeginde bölümçede gysga möhletli kämilleşdiriş okuwlaryny ýola goýduk. Bölümçämizde iki ugur — hünäri ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak, şeýle-de işçi-hünärmenleriň hünärine görä tapawutlandyrmak hem-de derejelendirmek ugurlary boýunça iki hepdelik kämilleşdiriş okuwlary geçilýär. Bu ýerde 2025 — 2026-njy okuw ýylynda ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işçi-hünärmenleriň–738 sanysy öz ugurlary boýunça hünärini kämilleşdirdiler. Okuw otaglarymyz dünýäniň ösen döwletleriniň önüm öndürijileriniň kämil tehnologiýaly enjamlary, diwarlyklar, «Galkynyş» gaz käniniň maketi, interaktiw tagtalar, beýleki tehniki serişdeler, okuw-görkezme esbaplary bilen birkemsiz enjamlaşdyrylan. Biz bölümçämize hünärini kämilleşdirmäge gelýän işçi-hünärmenler bilen, esasan, nazaryýet okuwlaryny geçirýäris. Şol okuw sapaklary internet ulgamy boýunça filmleri görkezmek arkaly guralýar — diýip, «Türkmengaz» döwlet konserniniň okuw merkeziniň Mary welaýaty boýunça okuw bölümçesiniň başlygy Baýmyrat Ýagmyrow gürrüň berýär.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl