Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny täze belentliklere götermekde hem-de ýeriň jümmüşinden alynýan ýangyç çig mallarynyň möçberini artdyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň Balkan welaýatyndaky guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri netijeli işleri amala aşyrýarlar. Önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda trestiň «Goturdepe», «Barsagelmez» we «Gamyşlyja» guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri tarapyndan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkme-nistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dört aýynda öwgä mynasyp işler bitirildi.
Gürrüňi edilýän döwürde bu trestiň düzümindäki guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri boýunça bilelikde alanyňda gaýtadan hatara goşulan guýulardan goşmaça alnan «gara altynyň» we «mawy ýangyjyň» möçberi, degişlilikde, 40 müň 480 tonna hem-de 115 million 762 müň kub metre ýetdi. Munuň özi geçen döwür üçin bellenilen meýilnamanyň goşmaça nebit almak babatynda 1,5 esseden artygy bilen berjaý edilendigini aňladýar. Şonuň ýaly-da, tebigy gazy goşmaça almak baradaky tabşyryk ýedi esseden gowrak ýerine ýetirildi. Gaýtadan hatara goşulan guýulardan goşmaça alnan tebigy gazyň ählisi diýen ýaly «Gamyşlyja» guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň hünärmenleriniň paýyna düşýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has kuwwatly desgalara eýe bolan kärhanada abatlaýyş işleriniň depginini düýpli ýokarlandyrmaga giň mümkinçilik bar. Bu mümkinçilikleri ýerlikli peýdalanmagy başarýan gamyşlyjaly abatlaýjylaryň abraýy ýylsaýyn artýar.