Önümçiligiň ýokary depgini

Önümçiligiň ýokary depgini

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny döwrebap ösdürmek, pudagyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, içerki bazary ýokary hilli nebit önümleri bilen ygtybarly üpjün etmek we eksport mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda gazanylýan netijeler hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň depginli ösüşiniň aýdyň subutnamasydyr.

Kuwwatly zawodda şu ýylyň başyndan bäri dizel ýangyjynyň önümçiligi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11,8 göterim artdy. Has takygy, geçen ýylyň ilkinji dört aýynda bu ýerde 42,1 müň tonna dizel ýangyjy öndürilen bolsa, şu ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 47 müň tonnadan hem geçdi. Şeýlelikde, zawodyň gaýratly işgärleri geçen ýyldakydan 5 müň tonna golaý köp dizel ýangyjyny öndürmegi başardylar. Bu bolsa kärhanada önümçilik işleriniň sazlaşykly ýola goýlandygyny, zähmet toparynyň öňde goýlan wezipelere jogapkärçilikli çemeleşýändigini görkezýär.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl