Suwuklandyrylan gaz bilen üpjün edilýär

Suwuklandyrylan gaz bilen üpjün edilýär

Häzirki günlerde «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy, Ruhubelent, Akdepe, Şabat we Görogly etraplaryndaky gaz hojalyk edaralarynyň gazçylary medeni zolakdan uzakda ýerleşýän obalaryň ilatyny suwuklandyrylan «mawy ýangyç» bilen üpjün etmekde maksada okgunly işleri alyp barýarlar.

Olaryň birleşen tagallalary netijesinde Garagum sährasynyň jümmüşinde, Sarygamyş kölüniň boýlarynda, Was düzlüginde we Bötendag sebitlerinde bar bolan öri meýdanlaryndaky maldarlarymyz suwuklandyrylan gaz bilen ýeterlik derejede üpjün edilip, ruhubelent zähmet çekýärler. Bu ugurda müdirligiň welaýat merkezinde ýerleşýän gaz dolduryjy bekediniň işçi-hünärmenleriniň etraplardaky gaz hojalyk edaralarynyň gazçylary bilen agzybirlikde durmuşa geçirýän derwaýys işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bular dogrusynda müdirligiň gaz dolduryjy bekediniň hünärmenleri bilen söhbetdeş bolanymyzda, aýratyn hem Garagum sährasynda, medeni zolakdan has alysda ýerleşýän Ataguýy, Ajyguýy, Damla, Kyrkguýy, Gamyşly, Akmolla ýaly ençeme öri meýdanlarynda ýylyň bütin dowamynda maldarçylyk bilen meşgullanýan, suwuklandyrylan gazdan peýdalanýan çarwa ilatynyň müdirligiň gazçylarynyň hyzmatyndan diýseň hoşaldygyna göz ýetirdik. Halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiziň adyna aýdylýan hoşallyk sözlerini welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagynda bolan döwlet eýeçiligindäki Şabat etrabyndaky «Dowardarçylyk», Köneürgenç etrabyndaky «Maldarçylyk» hem-de Görogly etrabynda bar bolan «Garagum» maldarçylyk hojalyklarynda bolanyňda-da her pursatda eşitmek bolýar.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl