Ýurdumyzda uglewodorod çig malynyň çykarylyşynyň artdyrylmagyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň iri we öňdebaryjy önümçilik düzümi bolan «Marygazçykaryş» müdirliginiň gazçylary mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Munuň özi müdirligiň gazçylary bilen olara durmuş taýdan hyzmat edýän edaranyň işgärleriniň bir maksat ugrunda agzybirlikli çekýän zähmetiniň miwesidir. Çünki edaranyň suw, bug üpjünçilik sehiniň suw arassalaýjy desgalarynyň işgärleri müdirligiň edara-kärhanalaryny ýylyň bütin dowamynda arassalanan suw bilen bökdençsiz üpjün edýärler.
«Hanhowuz» suw arassalaýjy desgasy sehiň iň baýry kärhanasydyr. Kärhananyň önümçilige girizilmegi mundan ýarym asyrdanam köpräk wagt ozal Gündogar Şatlyk hem-de Günbatar Şatlyk gaz känleriniň senagat taýdan özleşdirilip başlanylan döwri bilen pugta baglanyşyklydyr. Şu geçen döwür içinde suw arassalaýjy desga «Marygazçykaryş» müdirliginiň ýokarda ady agzalan gaz känlerini, olaryň gaz toplaýjy önümçilik nokatlaryny arassalanan suw bilen ýeterlik möçberde üpjün edip gelýär. Desganyň kuwwatly suw geçirijisiniň uzynlygy elli dört müň sekiz ýüz metre deňdir. Elbetde, uzak ýyllaryň dowamynda saz, durnukly işledilip, geçiriji arkaly suwuň ýeterlik möçberiniň akdyrylmagynyň üpjün edilmeginde kärhananyň tejribeli hem ýaş işgärleriniň her biriniň mynasyp goşandynyň bardygyny aýtmak gerek. Kärhananyň suw göteriji hem-de suw sorujy enjamlarynyň maşinistleri Bäşim Abdyýew, Ata Nursähedow, Muhammet Mommyýew, Süleýman Baýramow, enjamlary bejerijiler Begenç Çaryýew, Maksatgeldi Garryýew we beýlekiler geçirijiniň ugrunda, bellenilen meýilnama laýyklykda, bejeriş-abatlaýyş işlerini ýokary hilli geçirýärler.