Gazçylaryň döwrebap işleri

Gazçylaryň döwrebap işleri

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän gaz hojalyk edarasynyň işçi-hünärmenleri etrabyň tebigy gazy ulanyjylaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen üpjün etmekde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji çärýegini üstünlikli jemlediler. Häzirki döwürde edaranyň öz işiniň ussady bolan gazçylary tarapyndan etrabyň çäginde bar bolan dürli ululykdaky we dürli basyşly gaz geçirijileriň iki müň dört ýüz ýetmiş kilometre golaý ýerine, gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlaryň bolsa ýedi ýüz otuz dört sanysyna ýokary derejede gözegçilik edilip, bitewi gaz ulgamynyň gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz işlemegi ugrunda öwgä mynasyp işler alnyp barylýar.

Ýeri gelende bellesek, demirgazyk welaýatyň iň çetki günbatar böleginde ýerleşýän bu etrap soňky ýyllarda amala aşyrylýan işleriň netijesinde gurulýan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de durmuş-ýaşaýyş infrastrukturasynyň hasabyna şäher bilen bäsleşýän mekana öwrüldi. Geçen 2025-nji ýylyň dowamynda täze gurulýan binalary gazlaşdyrmakda gaz hojalyk edarasynyň gazçylarynyň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Daşoguz welaýatyny gazlaşdyrmak boýunça ülşüniň işçi-hünärmenleri bilen bilelikde durmuşa geçiren maksatnamalaýyn işleriniň hasabyna etrapda ençeme ýaş maşgalalar tebigy gazyň eşretli hözirini görmek bagtyna eýe boldular.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl