Lebap welaýatynda şu ýylda täze gaz geçirijileri çekmek boýunça giň möçberli işler meýilleşdirilýär. Hususan-da, Köýtendag etrabynyň Magdanly şäherinde we Ters geňeşliginde, Döwletli etrabynyň Amyderýa şäherçesinde, Hojambaz etrabynyň Gyzylgum we Burdalyk geňeşliklerinde, Kerki etrabynyň Gyzylaýak geňeşliginde, Halaç etrabynyň Çohpetde şäherçesinde, Garabekewül etrabynyň Garabekewül şäherinde, Lamma we Akgala geňeşliklerinde täze gaz geçirijileri çekmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Saýat etrabynyň Mülk, Esgi, Garamahmyt, Syýadagsakar geňeşliklerinde, Farap etrabynyň Farap şäherinde, Hanoba, Kraç, Garamyş, Osty geňeşliklerinde, Çärjew etrabynyň Amyderýa, Bereket, N.Gutlyýew adyndaky geňeşliklerinde, Dänew etrabynyň Dänew we Seýdi şäherlerinde, Ýyldyz geňeşliginde, Darganata etrabynyň Darganata şäherinde, Çarwadar hem-de Sedwer geňeşliklerinde gazlaşdyrma işleriniň alnyp barylmagy meýilleşdirilýär. Bu giň gerimli meýilnamalar täze döredilýän ýaşaýyş jaý toplumlarynyň hem-de oba ýerleriniň ýaşaýjylaryny «mawy ýangyç» bilen üpjün etmek arkaly olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir.
Ýeri gelende aýtsak, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji günlerinden başlap alnyp barylýan depginli işler «Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň ulgamlarynda aýdyň beýanyny tapýar. Müdirlik tarapyndan ýyllyk meýilnamanyň dörtden bir böleginiň eýýäm ýylyň ilkinji iki aýynda ýerine ýetirilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýokary guramaçylyk derejesini görkezýär. Şol döwürde täze gaz geçirijileriň 10,5 kilometre golaýy çekilip, täze döredilýän ilatly ýerleriň ýaşaýjylary tebigy gazdan peýdalanmaga başladylar. Hususan-da, Dänew etrabynyň Dänew şäherinde, Saýat etrabynyň Sakar, Hojambaz etrabynyň Beşir şäherçelerinde, Dänew etrabynyň Göýnük, Çärjew etrabynyň Hojaili, Farap etrabynyň Hojakenepsi, Bitik, Jendi, Halaç etrabynyň Pelwert, Esenmeňli, Altyn asyr, Köýtendag etrabynyň Akgumolam geňeşliklerinde gazlaşdyrma işleri üstünlikli alnyp baryldy.