Uzynadadaky täze önümli guýy

Uzynadadaky täze önümli guýy

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ruhuna mynasyp işleri bitirmegiň hötdesinden gelýärler. Muňa Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän Uzynada nebit-gazly käninde alnyp barylýan işleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Ýerasty ýangyç çig malynyň baý gorlaryna eýe bolan bu meýdançada ýakynda 75-nji ulanyş maksatly guýynyň gazuw işleri üstünlikli tamamlandy. «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Körpeje» buraw işleri müdirliginiň buraw başlygy Tagangeldi Amanow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän toparynyň hünärmenleri bu täze guýynyň Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen «ZJ — 70 — DB» kysymly buraw desgasynda amala aşyrylan gazuw işlerini ýokary hilli ýerine ýetirip, meýilnamany bellenilen möhletinde tamamlamagyň hötdesinden geldiler. Taslama çuňlugy 6 müň 800 metre deň bolan bu täze guýuda özleşdirme işleri geçirilip, nebit we gaz kondensatynyň bol akymy alyndy.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl