Döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň depginli ösýän nebitgaz pudagynyň ähli önümçilik düzümleriniň zähmet toparlary bilen birlikde, «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň gazçylary hem 2026-njy ýyly zähmet üstünliklerine beslemek üçin tutanýerli zähmet çekýärler. Olar umumy uzynlygy üç müň dokuz ýüz on bir kilometre barabar bolan ýokary basyşly gaz geçirijilerine hyzmat etmek bilen, ýurdumyzyň Mary we Lebap welaýatlarynyň ilatyny hem-de edara-kärhanalaryny «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün edýärler.
Gazçylar müdirlige degişli gaz paýlaýjy beketleriň togsan üçüsine, sazlaýjy düwünleriň bolsa on dördüsine yzygiderli gözegçilik etmek bilen, olaryň tehnologik talaplara laýyk işlemegini we ýokary basyşly gaz geçirijiler arkaly tebigy gazyň kadaly akdyrylmagyny üpjün edýärler. Geçen ýyl müdirlik boýunça içerki hem daşarky sarp edijilere kyrk iki milliard dokuz ýüz kyrk dört million iki ýüz elli iki müň dört ýüz elli üç kub metr tebigy gaz akdyryldy.