«Marygazüpjünçilik» müdirliginiň «Oguzhanetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň «Şatlykşähergaz» gaz hojalyk ülşünde işleriň hemişe bellenilen meýilnama laýyklykda alnyp barylmagy, kärhananyň hyzmat ediş gulluklarynyň hemmesiniň işleriniň takyk, sazlaşykly guralmagy gazçylaryň Şatlyk şäheriniň ilatynyň «mawy ýangyç» bilen ýylyň bütin dowamynda bökdençsiz üpjün edilip, ýaşaýjylaryň tebigy gazyň eşretini görmeklerine şert döredýär.
Kärhananyň zähmet adamlary geçen ýylyň güýz-gyş möwsüminde ilatyň tebigy gaz bilen üpjünçiliginde bökdençligiň bolmazlygy üçin edara degişli gaz geçirijilerini, gaz enjamlaryny jogapkärli döwre bellenilen meýilnama esasynda birkemsiz taýýar etdiler.