Gaýratly zähmetiň oňyn netijeleri

Gaýratly zähmetiň oňyn netijeleri

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň tebigy känlerinden «mawy ýangyjyň» we «gara altynyň» çykarylyşyny artdyrmak, täze ýataklary özleşdirmek, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek babatda öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek, şeýle hem toplumyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmak baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp zähmet çekýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginiň hünärmenleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji aýyny ýokary netijeler bilen jemläp, şu günler has-da gaýratly zähmet çekýärler.         

Konserniň düzüminde hereket edýän bu baýry müdirlik nebitgaz pudagynda iş alyp barýan dürli kärhanalaryň iň ýakyn ýardamçysy bolup durýar. Uglewodorod çig mallaryny çykaryjylar hem, burawlaýjylardyr abatlaýjylar hem öz möhüm işlerini hut şu müdirlik bilen pugta baglanyşyklykda alyp barýarlar. Häzirki wagtda kärhananyň hünärmenleri konserniň «Nebitgazburawlaýyş», «Nebitgazçykaryş» hem-de «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestleriniň garamagyndaky müdirlikleriň buýurmalary esasynda Goturdepe, Barsagelmez, Uzynada, Nebitdag, Guýjyk, Gögerendag, Ekizak, Altyguýy, Körpeje, Günorta Gamyşlyja, Ekerem, Keýmir, Akpatlawuk ýaly nebit we gazly meýdançalarda dürli hyzmatlary amala aşyrýarlar. Bu işlerde kärhananyň Ekerem, Körpeje, Guýjyk, Goturdepe, Barsagelmez guýulary berkidiji sehleriniň hem-de «Galkynyş» we «Berkarar» sementleýji toplumlarynyň aýratyn hyzmatlary bar. Kärhanada gazanylýan zähmet üstünlikleri onuň maddy-tehniki binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygy bilen hem berk baglanyşyklydyr. Şu babatda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde müdirlikde soňky ýyllarda düýpli ösüşler gazanyldy. Häzirki wagtda müdirlikde awtoulaglardyr tehnikalaryň 194-si bolup, olaryň 150-den gowragy sütünleri berkitmek işlerinde esasy orny eýeleýän kuwwatly ýöriteleşdirilen tehnikalardyr.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl