Gazçylaryň iş aladalary

Gazçylaryň iş aladalary

«Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň işçi-hünärmenleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan şu ýylymyzyň ilkinji aýynyň iş tabşyryklaryny üstünlikli berjaý etdiler. Edaranyň agzybir işçi-hünärmenleri tarapyndan gojaman Şabady etekläp oturan welaýat merkeziniň çäginde bar bolan dürli basyşly gaz geçirijileriň 787 kilometre golaý ýerine, gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlaryň bolsa 660-a golaýyna gije-gündiziň dowamynda ýokary derejede gözegçilik edilip, dürli basyşly bitewi gaz ulgamynyň üznüksiz işlemegi gazanylýar.

Biz munuň şeýledigine Daşoguz şäheriniň Nowruz, «Merkez-1», «Merkez-2», «Suwçy» ýaşaýyş jaý toplumlarynda we Gülüstan şäherçesinde hem-de şähere garaşly Jumanýaz Hudaýbergenow adyndaky geňeşlikde bolanymyzda has aýdyň göz ýetirdik. Edaranyň gazçylarynyň soňky döwürlerde «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Daşoguz welaýatyny gazlaşdyrmak boýunça ülşüniň işçi-hünärmenleri bilen bilelikde ýurdumyzda hereket edýän Prezident Maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde täze ilatly ýerleri we täze gurulýan binalary gazlaşdyrmak ugrunda giňden ýaýbaňlandyran uly göwrümli işleri hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu ugurda geçen ýylda daşoguzly gaz gurluşykçylar tarapyndan üç million bir ýüz ýigrimi sekiz müň manatlykdan gowrak düýpli maýa goýumlary özleşdirilip, amala aşyrylan işleriň netijesinde ençeme ýaş maşgalalar gymmatly «mawy ýangyjyň» eşretli hözirini görmek bagtyna eýe boldular.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl