Geofizikleriň döwrebap işleri

Geofizikleriň döwrebap işleri

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengeofizika» müdirliginiň Mary meýdançasyndaky guýularda geofiziki gözlegler boýunça önümçilik tehnologiki gullugy öňdebaryjy önümçilik düzümleriniň biridir. Kärhananyň hünärmenleri, işçileri 2025-nji ýylda 19 million 702 müň 476 manatlyga derek, 20 million 720 müň 164 manatlyk geofiziki işleri geçirip, bellenilen meýilnamany üstünlikli berjaý etdiler. Olar döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň binýatlyk sütüni bolan nebitgaz pudagynyň «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň önüm berýän hem-de burawlaýyş işleri alnyp barylýan ulanyş, gözleg guýularynda geofiziki enjamlaryň kömegi bilen geofiziki barlag işlerini geçirýärler, ýer astyndaky gatlaklaryň tehniki ýagdaýyny öwrenmek, gözegçilik etmek işlerini ýerine ýetirýärler.

Önümçilik tehnologiki gullugynda toplumlaýyn karotaž partiýalarynyň sekizisi bolup, olaryň üçüsi burawlaýyş işleri alnyp barylýan ulanyş hem gözleg guýularynda geofiziki işleri geçirýär. Toplumlaýyn karotaž partiýalaryň bäşisi bolsa önüm berýän guýularda işleri geçirmek bilen gatlaklaryň işjeňlik ýagdaýyny, gazyň akymyny, basyşyny guýynyň çuňlugyny kesgitleýär.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl