Täze guýy üstünlikli burawlanyldy

Täze guýy üstünlikli burawlanyldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň daýanç sütünleriniň biri bolan nebitgaz senagatyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyzyň uglewodorod serişdelerini netijeli özleşdirmek, ýerasty baýlyklardan rejeli peýdalanmak, şeýle-de daşary ýurtly sarp edijilere diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler pudagyň durnukly ösüşini üpjün edýär. Bu ugurda gazanylýan her bir zähmet ýeňşi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Şeýle guwandyryjy üstünlikleriň biri hem «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň işgärleriniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäklerinde ýerleşýän Atabaý meýdançasynda alyp baran gözleg-burawlaýyş işleriniň netijesinde gazanyldy. Merkezi Garagum gazly ülkesine degişli bu meýdançada taslama çuňlugy 1 müň 200 metr bolan Atabaý-1 baha beriş guýusy üstünlikli burawlanyp, ýokary netijeler alyndy. Geologik taýdan aşaky we ýokarky mel döwrüne degişli dokuz sany gatlakda geçirilen gözleg-synag işleriniň netijesinde olaryň sekiz sanysynyň gazlydygy anyklanyldy.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl