Döwrüň belent ruhuna mahsus işler alnyp barylýar

Döwrüň belent ruhuna mahsus işler alnyp barylýar

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň ýerlerdäki şäher we etrap gaz hojalyk edaralarynyň işgärleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan şu ýylyň ilkinji aýynyň işlerini guramaçylykly jemlediler. Netijede, häzirki gyş günlerinde demirgazyk welaýatyň gazçylary tarapyndan welaýatda bar bolan 13 müň 352 kilometrden gowrak bitewi gaz ulgamynyň hem-de 5 müň 350-ä golaý gaz sazlaýjy we paýlaýjy enjamlaryň gije-gündiziň dowamynda saz işlemegi gazanylyp, tebigy gazy ulanyjylar gymmatly «mawy ýangyç» bilen ýokary derejede üpjün edilýär.

Müdirligiň düzümindäki öňdebaryjy, baýry zähmet köpçüliginiň biri-de welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän gaz hojalyk edarasydyr. Bu edaranyň işçi-hünärmenleri etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen üpjün etmekde geçen 2025-nji ýylda hem ýokary netijelere eýe boldular. Demirgazyk welaýatyň iň çetki günbatar böleginde ýerleşýän bu etrap soňky ýyllarda «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny» we «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan beýik işleriň netijesinde, gurulýan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de durmuş infrastrukturasynyň hasabyna şäher bilen bäsleşýän mekana öwrüldi. Hut geçen 2025-nji ýylyň dowamynda täze gurulýan binalary gazlaşdyrmakda gaz hojalyk edarasynyň gazçylarynyň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Daşoguz welaýatyny gazlaşdyrmak boýunça ülşüniň işçi-hünärmenleri bilen bilelikde durmuşa geçiren maksatnamalaýyn işleriniň hasabyna etrapda emele gelen ençeme ýaş maşgalalar tebigy gazyň eşretli hözirini görmek bagtyna eýe boldular.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl