«Türkmengaz» döwlet konserniniň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan «Marygazçykaryş» müdirliginiň gazçylary gaz känlerinden uglewodorod çig malyny çykarmak, tebigy gazy gaýtadan işläp, içerki hem-de daşarky sarp edijilere ýetirmek boýunça «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen atlandyrylan 2026-njy ýylyň her bir iş gününi zähmet üstünliklerine besleýärler. Ýokary önümçilik görkezijileriniň gazanylmagynda müdirligiň Durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň edara-kärhanalarynyň gazçylarynyň mynasyp goşantlarynyň bardygyny aýtmak hem diýseň ýakymly. Kärhananyň suw, bug üpjünçilik sehiniň «Galkynyş» suw arassalaýjy desgalar toplumy indi on dört ýyla golaý wagtdan bäri baýlyklar mesgeni bolan «Galkynyş» gaz käniniň tebigy gazy kükürtden arassalaýan senagat kärhanalaryny önümçilik üçin gerekli arassa suw bilen bökdençsiz üpjün edip gelýär.
Dostlukly döwlet bolan Hytaý Halk Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýasynyň hünärmenleri bilen türkmen gurluşykçylary tarapyndan gurlan bu kärhana iň kämil tehnologiýaly enjamlar ornaşdyrylandyr. Munuň özi suwy bildirilýän talaplara laýyk ýokary hilli arassalap, sarp edijilere bökdençsiz ýetirmeklige şert döredýär.