«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň düzümine girýän Balkanabat tilsimat ulaglary müdirligi nebitçileriň ýakyn ýardamçysy hasaplanýar. Bu kärhananyň esasy wezipesi nebitçileri gündelik önümçilik meýdançalaryna gatnatmak, baýlyklar känlerini özleşdirmekde zerur bolan enjamlarydyr turbalary bellenilen ýerlere eltmek ýaly gaýragoýulmasyz işler bolup durýar.
Bu ýerde zähmet çekýän sürüjilerdir hünärmenler konserniň önümçilik düzümlerinden gelýän sargytlary öz wagtynda we ýokary hilli berjaý edýärler. Kärhanada dürli kysymly awtoulaglaryň, kuwwatly tehnikalaryň hemişe gurat saklanylmagy oňat netijeleriň gazanylmagyna ýardam berýär.