Bedew batly ösüşlere badalga

Bedew batly ösüşlere badalga

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça öňde goýan aýdyň wezipelerinden ugur alyp zähmet çekýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleriniň hünärmenleri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýokary üstünlikler gazanyp, täze — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji aýynda mynasyp zähmet netijelerine eýe bolýarlar.

«Gara altyndyr» «mawy ýangyjy» çykarmagy, gözleg-barlag, ulanyş guýularyny burawlamagy, ýangyç çig mallaryny turbageçirijiler arkaly ibermegi, gaz gysyjy we saýlaýjy desgalary gurmagy, abadanlaşdyrmagy, guýularyň düýpli we ýerasty abatlaýyş işlerini amala aşyrmagy üpjün edýän kärhanalaryň onlarçasyny özünde jemleýän konsern boýunça geçen şanly ýylymyzda zemin jümmüşinden alnan nebitiň gaz kondensaty bilen bilelikdäki möçberi 4 million 25 müň tonna golaýlady. «Nebitgazçykaryş» trestiniň müdirlikleri boýunça hasabat döwri üçin bellenilen meýilnama goşmaça 205 müň tonnadan gowrak çig mal çykarylyp, tabşyryk 108,6 göterim amal edildi. Şonuň ýaly-da tutuş konsern boýunça nebit çig malyny çykarmakda gazanylan ösüş depgini

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl