«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary «Galkynyş» gaz känindäki 110-njy ulanyş guýusyndan tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymyny aldylar. Munuň özi ýurdumyzyň edermen gazçylarynyň Täze ýyl baýramçylygyna ajaýyp toý sowgady boldy.
«Türkmengaz» DK-nyň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary tarapyndan «Galkynyş» gaz känindäki 110-njy ulanyş gaz guýusy 4 müň 180 metr çuňluga burawlandy. Şunda 4 müň 149 — 4 müň 15 metr açyk sütün aralygynda synag işleri geçirilende bir gije-gündizde senagat taýdan 2 million kub metrden gowrak tebigy gazyň akymy alyndy. Guýyny burawlamakdaky işleriň milli hünärmenlerimiz tarapyndan üstünlikli ýerine ýetirilmegi, gazanylýan zähmet üstünliginde halypa burawlaýjylar bilen birlikde ýaş gazçylaryň hem uly goşandynyň bolmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr.