Daşary bazara ugradylýan tebigy gazyň harytlyk derejesine ýetirilmeginde «Marygazçykaryş» müdirliginiň Ylmy-barlag önümçilik işleri sehiniň gazçylarynyň ylmy esasda alyp barýan işleri arkaly saldamly goşant goşýandyklaryny bellemelidir.
Häzir sehde hem-de müdirligiň «Galkynyş», Üçajy, Günbatar Şatlyk, Kelleli we beýleki gaz känlerinde ýerleşýän barlaghana bölümçelerinde inžener-tehniki işgärleriň, himiki laborantlaryň ellä golaýy zähmet çekýär. Şolaryň her biri köpýyllyk iş tejribeleri bolan işgärlerdir. Şol bölümçeler gaz guýularyndan çykarylýan tebigy gazyň düzümine himiki usulda barlaglary geçirmek üçin ýörite enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr.