Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmek barada öňde goýýan anyk wezipelerinden ugur alyp, tutanýerli zähmet çekýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesine mynasyp zähmet sowgatly geldiler. Burawlaýjylarymyz şanly ýylymyzyň geçen döwründe önümli guýularyň jemi dokuzysynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamladylar. Bu döwürde baýlyk gözleýjiler 24 müň 814 metr ýerasty çuňluk geçmegi başardylar.
Ýakynda müdirligimiziň buraw başlygy Döwletmyrat Gulamsöýünowyň ýolbaşçylyk edýän burawlaýjylar topary Nebitdag känindäki 965-nji guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamladylar. Taslama çuňlugy 2 müň 400 metr bolan bu guýynyň 2 müň 235 metr ýerasty çuňlugyndaky gyzyl reňkli gatlagyndan «gara altynyň» senagat akymy alyndy. Täze nebit guýusy tehniki-sazlaýyş işlerinden soň, «Gumdagnebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň nebitçilerine ulanyşa berildi. Ol guýy häzirki wagtda bir gije-gündizde 50 tonna «gara altynyň» senagat akymyny berýär. Önümli guýynyň gazuw işlerinde Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen «ZJ-30-T» kysymly buraw desgasy ulanyldy.