Täze tehnikalar gelip gowuşdy

Täze tehnikalar gelip gowuşdy

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygyna mynasyp sowgatly barýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirligine Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen nebit-gaz guýularyny sementleýji enjamlar bilen üpjün edilen awtoulaglaryň 15-si gelip gowuşdy. Giň gerimli işleri alyp barmaga niýetlenen bu täze tehnikalary balkanly nebitçiler hormatly Prezidentimize çäksiz buýsanç we hoşallyk duýgusy bilen kabul etdiler.

Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirligiň önümçilik toparlary nebit-gazly meýdançalarda ugrukdyryjylaryň, konduktorlaryň, aralyk we ulanyş sütünleriniň sementleme işlerini, guýulary burawlamakda we abatlaýyş işlerinde sement bilen berkidilen sütünleriň basyş astynda jebislige synag edilmegini, howa kowujy kompressorlar bilen gatlaklary synag etmek we özleşdirmek, sementiň hiline gözegçilik etmek işlerini amala aşyrýar. Kärhanada gazanylýan zähmet üstünlikleri onuň maddy-tehniki binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygy bilen hem berk baglanyşyklydyr.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl