Gyşy guramaçylykly garşylaýan gazçylar

Gyşy guramaçylykly garşylaýan gazçylar

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Gubadagetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň işçi-hünärmenleri etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda maksada okgunly işleri alyp barýarlar. Edaranyň gazçylary tarapyndan häzirki döwürde etrabyň çäginde bar bolan dürli basyşly we dürli ululykdaky bitewi gaz ulgamynyň bir müň dört ýüz kilometrden gowrak ýerine, gaz sazlaýjy we paýlaýjy enjamlaryň bolsa üç ýüz ýetmişden gowragyna ýokary derejede hyzmat edilýär. Munuň özi etrabyň ýigrimi müň bir ýüzden gowrak hojalygynyň we edara-kärhanalarynyň ýylyň islendik möwsüminde tebigy gazdan üznüksiz peýdalanýandygyndan habar berýär. Etrapda iň uzyn gaz geçirijileri Amyderýa, Baýdak, Bereketli we Ýaşlyk geňeşlikleriniň çäklerinde ýerleşip, ol ýerlerde bar bolan dürli basyşly gaz geçirijiler hem-de gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlar düýpli abatlanyp, gyş möwsümine doly taýýar edilipdir. Netijede, ol ýerlerde ýaşaýan oba ilaty häzirki gyş döwründe gymmatly «mawy ýangyjyň» eşretli hözirini görüp ýaşaýar.

Bulardan başga-da, edaranyň gazçylarynyň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Daşoguz welaýatyny gazlaşdyrmak boýunça ülşüniň etrapdaky şahamçasynyň işçi-hünärmenleri bilen bilelikde geçen döwürde etrap merkezi bolan Gubadag şäherinde we etrabyň Bitarap Türkmenistan, Akýaýla, Bereketli, Baýdak, Gubadag we Gökýaýla geňeşliklerinde öňden hereket edýän gaz desgalarynda alyp baran düýpli abatlaýyş hem-de durkuny täzelemek işleriniň netijesinde bitewi gaz ulgamynyň geçirijilik mümkinçilikleri ep-esli artypdyr. Gaz hojalyk edarasynda ilata goýberilýän tebigy gazdan tygşytly we netijeli peýdalanmak ugrunda alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyş bolanymyzda, edaranyň işçi-hünärmenleridir gazçylary tarapyndan bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň hem eşretli zamanamyzyň belent ruhuna mahsuslygy bilen tapawutlanýandygyna göz ýetirdik.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl