Kuwwatly toplumyň batly gadamlary

Kuwwatly toplumyň batly gadamlary

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda uglewodorod çig mallaryndan taýýarlanýan önümler bu gün hili babatda iň bir ýokary ülňülere doly gabat gelýändigi bilen tapawutlanýar. Yzygiderli döwrebaplaşdyrylýan we täze önümçilik desgalary bilen üznüksiz üsti ýetirilýän bu toplumda şanly ýylymyzyň geçen on aýynda nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 108,6 göterim ýerine ýetirildi. Bu döwürde benzin öndürmegiň meýilnamasy 107,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100,7 göterim boldy. Şeýle hem polipropilen, çalgy ýaglaryny, suwuklandyrylan gazy öndürmekde ýokary netijeler gazanyldy. Gazanylýan zähmet üstünlikleriniň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýan döwrebaplaşdyryş işleriniň ýakyndan ýardam berýändigi has-da buýsançly ýagdaýdyr.

 «Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ykdysady, syýasy hem-de ruhy galkynyşlara gol berýän türkmen halky bu gün Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyny ýokary derejede toýlamagyň aladasy bilen. Asly nurdan bolan türkmeniň şowly ykbalynda uly ähmiýete eýe bolan bu şanly senäni zähmet sowgatly garşylamagy maksat edinýän Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň zähmet pälwanlary «gara altyny» gaýtadan işlemekde, ondan alynýan önümleriň hilini ýokarlandyrmakda zerur bolan işleri alyp barýarlar.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl