Gaz akdyryjylar gyş möwsümini guramaçylykly garşylaýarlar

Gaz akdyryjylar gyş möwsümini guramaçylykly garşylaýarlar

«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň ýerlerdäki edara-kärhanalarynyň işgärleri barha golaýlaşýan gyş möwsümini hemmetaraplaýyn ýokary taýýarlykly garşy alýarlar. Bu ugurda müdirligiň garamagyndaky «Gazawat» senagat meýdançasynyň energosuwüpjünçilik gullugynyň işçi-hünärmenleriniň alyp barýan işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Olar häzirki döwürde senagat meýdançasynyň hem-de müdirligiň merkezi dolandyryş edarasyna degişli desgalaryň ýyladyş ulgamlaryny gyş möwsümine doly taýýar etmek bilen, gazanhanalara barýan gaz geçirijilerde synag-barlag işlerini utgaşykly alyp barýarlar. Ýyladyş desgalarynyň we ulgamlarynyň işiniň talabalaýyk ýola goýulmagy bolsa müdirligiň merkezi dolandyryş edarasyna we «Gazawat» senagat meýdançasyna degişli zähmet köpçüliklerinde alnyp barylýan derwaýys işleriň sazlaşykly gitmegini hem-de ol ýerlerde işleýän işgärleriň talabalaýyk iş şertlerinde işlemegini şertlendirýär.

Mälim bolşy ýaly, «Daşoguzgazakdyryş» müdirligi «Türkmengaz» döwlet konserniniň baýry kärhanalarynyň biri bolmak bilen, häzirki döwürde «Döwletabat — Derýalyk» ugry boýunça baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän «Çöllük», «Ýylanly» we «Derýalyk» ýaly gaz gysyjy we güýçlendiriji desgalardan ybarat önümçilik edaralaryny hem-de tebigy gazy sazlaýjy, paýlaýjy toplumlaryň onlarçasyny özüne birleşdirýär. Müdirligiň hyzmat edýän gaz magistraly ýurdumyzyň gündogarynda ýerleşýän gaz känlerinden alynýan gymmatly «mawy ýangyjy» Diýarymyzyň demirgazygyndaky ilatly ýerlere ýetirmekde we dünýä bazaryna çykarmakda möhüm ähmiýetli gaz geçirijileriň biridir. Şonuň üçin hem müdirligiň düzümine girýän edara-kärhanalaryň, şol sanda «Gazawat» senagat meýdançasynyň işçi-hünärmenleri binalaryň ýyladyş ulgamlary bilen birlikde, gaz akdyryjy desgalary gyş möwsümine taýýarlamakda hem ýylyň başyndan bäri giň göwrümli işleri durmuşa geçiripdirler.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl