Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Röwşen» aýakgaplary hususy kärhanasynyň paýly gatnaşygy esasynda Mary şäheriniň ozalky Gön kärhanasynyň binýadynda esaslandyrylan «Mary deri — aýakgap» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik bölümlerinde döwletimiziň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň sargytlary esasynda esgerler üçin aýakgaplar, egin-eşikler, emeli sütükli gulakjynlar we beýleki önümler öndürilýär.
Paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik bölümleri dünýäniň Italiýa, Türkiýe döwletleriniň kompaniýalarynyň iň kämil tehnologiýaly tikinçilik enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Kärhananyň işgärleri şol enjamlara ussatlyk bilen erk edýärler.