Türkmenistanyň gahrymany gözel şagulyýewanyň 80 ýaş ýubileýi mynasybetli dabara geçirildi

Türkmenistanyň gahrymany gözel şagulyýewanyň 
80 ýaş ýubileýi mynasybetli dabara geçirildi

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýunyň uludan dabaralandyrylýan ýylynyň geçen sişenbe güni, ýagny 11-nji awgustda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragyň eýesi, şahyr Gözel Şagulyýewanyň 80 ýaş ýubileýi, şeýle hem onuň «Gezdim şygryň dünýäsinde» we şahyryň işleýän ýeri bolan «Edebiýat we sungat» gazetiniň Gözel Şagulyýewanyň ýörite ýaş toýuna taýýarlan «Biziň iliň şahyrydyr bu şahyr» atly täze kitaplaryň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, sungat we döredijilik işgärleri, halypa şahyryň kärdeşleridir şägirtleri gatnaşdylar we gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň 80 ýaş ýubileýi mynasybetli iberen Gutlagynyň okalmagy we ussat şahyra Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýadygärlik sowgadynyň, ter gül dessesiniň gowşurylmagy bilen açyldy. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda: «Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda ýetilýän belent sepgitler, döwrüň, günüň wajyp wakalary bada-bat Siziň şahyrana nazaryňyza ilýär. Bu bolsa ykbalyny Watan ykbalyndan aýry saýmaýan ynsanlara mahsus häsiýetdir. Çünki ähli üstünlikleriň gözbaşynda watançylyk söýgüsi, öz ykbalyňy baglan käriňe bolan ygrarlylyk bar» diýlip nygtalýar.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993