Milli senagatymyzyň kerwenbaşysy

Milli senagatymyzyň kerwenbaşysy

Dünýäniň ykdysady babatda güýçli depginde ösýän döwleti hökmünde ykrarnama eýe bolan türkmen Diýarynda uglewodorod çig mallaryny durnukly çykarmak, nebitdir gazy gaýtadan işläp, olary ýokary hilli harytlara öwürmek, iň bir kämil enjamlardyr tilsimatlary önümçilikde netijeli peýdalanmak bilen bu ulgamyň kärhanalarynyň tehniki binýadyny düýpli pugtalandyrmak, önümçilik düzümlerini ygtybarly döwrebaplaşdyrmak yzygiderli alnyp barylýar. Bar bolan maglumatlara görä, häzirki wagtda ilkinji energetika serişdeleriniň sarp edilişinde nebit birinji orunda bolmagynda galýar. Diňe bir soňky 50 ýylyň içinde tutuş dünýäde ýangyjyň esasy görnüşleriniň sarp edilişi 120 essä golaý artypdyr. Bar bolan çaklamalara salgylansak, häzirki wagtda Ýer şarynda «gara altynyň» tassyklanan gorlary 170 milliard tonna barabardyr. Şonuň 10 göterime golaýynyň biziň ata Watanymyzyň paýyna düşýändigi bolsa, juda buýsançly hakykatdyr. Beýik Biribardan türkmen topragyna rowa görlen bu uly baýlygy ýeriň jümmüşinden alyp, ony halkymyzyň jana-jan bähbitlerine gönükdirmek öz eziz il-ulsuny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne baky ýaran eden hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Biz bu hakykata Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň nebitgaz pudagynyň kerwenbaşysy hökmünde giňden tanalýan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda diňe bir soňky ýyllarda alnyp barylýan ägirt uly işleriň mysalynda-da aýdyň göz ýetirýäris. Dana döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu ägirt uly toplum juda gysga wagtyň dowamynda diňe bir sebitiň däl, eýsem, tutuş dünýäniň häzirki zaman kärhanasyna öwrüldi.

1943-nji ýylyň 5-nji iýunynda türkmen ýangyjynyň ilkinji tonnalaryny sarp edijilere ýetiren bu kärhana mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyza eýe bolan ilkinji ýyllarymyzdan başlap ägirt uly özgertmelere eýe boldy. Kärhana uly möçberde maýa goýumlarynyň gönükdirilmegi bilen bu ýerde katalitik reforminginiň we milli sekunt katalitik krekinginiň desgalary, ýokary oktanly benzin, çalgy ýaglaryny, polipropilen öndürýän desgalar, dizel ýangyjynyň gidroarassalaýyş önümçiliginiň, şeýle hem üpjünçilik gurluşlarynyň häzirki zaman desgalary guruldy. Netijede sanlyja ýylyň dowamynda, ozalky ýönekeý zawodyň ornunda nebiti gaýtadan işlemegiň önümçiliginiň iň häzirki zaman toplumy peýda boldy. Olaryň aglabasynyň diňe bir Merkezi Aziýada däl, eýsem, tutuş dünýäde-de deňi-taýy ýokdur. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň kerwenbaşysyna öwrülen bu toplum etillenmedik awtomobil ýangyçlaryny, uçar we tehniki kerosinlerini, reaktiw we dizel ýangyjyny, mazudy, çalgy ýaglaryny, polipropileni, peç ýangyjyny, ýeňil gazoýly, nebit elektrod koksuny, suwuklandyrylan gazy, gurluşyk we ýol bitumlaryny, sintetik ýuwujy serişdeleri we ýene-de birnäçe nebit önümlerini taýýarlaýar. Toplumyň önümleri eziz Diýarymyzyň eksport kuwwatynyň esasyny düzýänligi bilenem möhüm ähmiýete eýedir. Munuň üstesine-de, hormatly
Prezidentimiziň yzygiderli hemaýat-goldawy netijesinde täzeden-täze döwrebap desgalar bilen toplumyň üsti yzygiderli ýetirilýär.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl