Hormatly Prezidentimiziň doglan gününiň öňüsyrasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tamponaž müdirligine Russiýa Federasiýasyndan döwrebap ýöriteleşdirilen sementleýji tehnikalaryň täze tapgyry gelip gowuşdy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, nebitgaz ulgamyndada häzirki zamanyň iň täze tehnologiýalaryny giňden ulanmak, önümçilige dünýä tejribesini ornaşdyrmak baradaky tabşyryklarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.
Nebitli, gazly guýulara goýberilýän turba düzümlerini sement ergini bilen berkitmek işlerini ýerine ýetirýän bu täze tehnikalar kärhanada halkymyzyň gadymy milli däpleri esasynda ak un sepilip, üzärlik tütedilip garşy alyndy.