«Türkmengaz» döwlet konserniniň Tomponaž müdirliginiň kämil tehnologiýaly, döwrebap ýöriteleşdirilen awtoulaglaryna döwletimiziň dürli künjeklerindäki gaz känlerinde ýygy-ýygydan gabat gelmek bolýar. Çünki kärhananyň önümçiligi burawlaýjylaryň, gaz çykaryjylaryň tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak üçin meýdançalarda geçirýän işleri bilen pugta baglanyşykly.
Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynda «mawy ýangyjyň» çykarylyşyny artdyrmak möhüm wezipe hökmünde öňde goýulýar. Müdirligiň işgärleri hem bu il-halk, döwlet bähbitli işe goşant goşmak üçin täzeçe, döredijilik gözlegleri bilen zähmet çekýärler.