«Şatlyk» önümçilik edarasynda

«Şatlyk»
önümçilik edarasynda

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň işçi-hünärmenleri «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň her bir aýyny netijeli zähmet üstünliklerine besleýärler. Mälim bolşy ýaly, bu müdirligiň agzybir işgärleri Daşoguz welaýatynyň ilatyny we edara-kärhanalaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen üznüksiz üpjün etmek bilen bir hatarda, Döwletabat-Derýalyk gaz geçirijisiniň ugry boýunça türkmen gazynyň dünýä bazaryna çykarylmagy ugrunda hem öwgä mynasyp işleri alyp barýarlar.

Ululygy 1020 — 1420 millimetr aralygynda bolan gaz geçirijileriň 4500 kilometrden gowragyny, gaz gysyjy, gaz arassalaýjy we gaz paýlaýjy desgalaryň bolsa onlarçasyny özüne birleşdirýän müdirligiň gazçylary hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramçylygyna zähmet sowgatly barýarlar. Bu ugurda müdirligiň «Döwletabat-Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän «Şatlyk» önümçilik edarasynyň gazçylarynyň Döwletabat gaz käninden çykarylýan tebigy gazy güýçlendirilen we arassalanan görnüşinde Garagum sährasynyň jümmüşinde ýerleşýän «Garagum» gaz gysyjy desgasyna tarap üstaşyr akdyrmakda alyp barýan wajyp işleri hem aýratyn bellärliklidir.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl