Geofizikleriň ynamly gadamlary

Geofizikleriň 
ynamly gadamlary

Hormatly Prezidentimiziň kabul edýän taryhy kararlarydyr çözgütlerine laýyklykda, ata Watanymyzyň nebitgaz toplumynyň senagat hem-de eksport kuwwatlyklarynyň pugtalandyrylmagyna, tezeçil tehnologiýalary, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary önümçilige içgin ornaşdyrmak esasynda pudaklaýyn düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen ösüş maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi özüniň oňyn netijelerini berýär.
Gahryman Arkadagymyz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha belende göterilmeginde, şonuň netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň öz mynasyp dowamyny tapmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Bu uly alada mynasyp iş bilen jogap bermegi maksat edinýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabatdaky «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hünärmenleri hemişe täze-täze sepgitleri eýelemegi başarýarlar.

Daşary ýurtlaryň öňdebaryjy önümçilikçileriniň iň bir kämil enjamlarydyr tilsimatlaryna eýe bolup, olara başarjaňlyk bilen erk edýän kärhananyň geofizikleri «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem bellenilen meýilnamalara abraý bilen hötde gelmegi başarýarlar. Ýeri gelende aýtsak, Watanymyzyň çäklerindäki ýataklardan uglewodorod çig mallaryny gözläp tapmak hut şu müdirligiň hünärmenleriniň netijeli zähmetine gönüden-göni dahyllydyr. Nebitgazly ojaklardaky gazylan we burawlaýyş işleri alnyp barylýan guýularda ýeriň geofiziki gatlaklaryny içgin öwrenmek, takyklanylan önümli gatlaklarda, zerur bolan halatynda, partlaýyş işlerini amala aşyrmak ýaly gaýragoýulmasyz işleriň onlarçasy hut şu müdirligiň geofizikleriniň paýyna düşýär. Aňryçäk derejede has anyk kesgitlemeleri talap edýän bu möhüm işlerde müdirligiň Balkanabatdaky laboratoriýalary, şeýle hem milli Liderimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp beren kuwwatly awtoulaglarynda oturdylan ýöriteleşdirilen kämil barlaghanalary ygtybarly işledilýär.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl