Demirgazyk goturdepe: täze guýulardan nebit alyndy

Türkmenistanyň günbataryndaky Demirgazyk Goturdepe nebitgazly ýatagyny özleşdirmek işleri batly depginlerde dowam edýär. «Yug-Neftegaz» (Singapur) kompaniýasy bu ýerde iki guýynyň — 332-nji we 316-njy guýularyň buraw işlerini tamamlady, olaryň her biriniň taslama çuňlugy bäş müň metre barabardyr. Guýulary burawlamagyň barşynda «gara altynyň» senagat möçberindäki akymy alyndy.

Hazaryň kenarýaka zolagyndaky geljegi uly ýataklaryň birini senagat taýdan işlemäge girizmek boýunça maýa goýum taslamasy 2018-nji ýylda badalga aldy. «Türkmennebit» döwlet konserniniň hem-de «Yug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasynyň gol çeken Ylalaşygyna laýyklykda, çuňlugy 4500 metrden 5500 metre çenli bolan dik, kese hem-de eňňit-ugurly guýularyň jemi 60-syny burawlamak meýilleşdirildi. Deslapky hasaplamalar boýunça, nebitiň geologiýa gorlarynyň ösüşi takmynan 38,5 million tonna barabar bolar, soňra geçiriljek işleriň barşynda ýataklaryň umumy gorlaryna baha berilmegi bilen, ol 87,5 million tonna çenli ýokarlanyp biler.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl